Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел

Soň göçüp gelenler we olaryň maşgala agzalary üçin wiza

Статья

1.      Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.

2.      Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.

3.      Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris. 

4.      Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris. 

5.      Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.

6.      Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

7.      Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.

Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär. 

Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:

  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.

  • Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.

Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:

Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň

Esasy resminamalar

Arza
doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli)
Pasport üçin iki sany täze surat
Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň.
Syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy
Wiza alnanda syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyryş namasy hökman görkezilmelidir
Kabul edilmegini ýa-da goşulmagyny mälim etmek 

Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)

  • azyndan 2 sany boş sahypa
  • ýurtda bolmak üçin soralýan döwür tamamlanandan soňra azyndan 3 aýyň dowamynda hakyky bolmalydyr
  • arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly 

Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga üçin - onuň ýaşyna garamazdan - wiza almak üçin aýratyn arza ýazylmalydyr, adatça bulara kakasy - ejesi ýa-da kanuny hossarlar gol çekýär.

Eger çaga bilen birlikde kakasynyň ýa-da ejesiniň ýeke özi syýahat etmegi maksat edinýän bolsa, asyl nusgany we nusgasyny tabşyrmak zerur:

• Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy,

• Zerur bolan halatynda, ýeke özüniň hossarlyk edýändigini tassyklaýan subutnama (meselem, kazyýetiň hossarlygyň be edilýändigi baradaky çözgüdi ýa-da beýleki ýakyn hossarynyň aradan çykandygy baradaky şahadatnamasy)

- başgaça bolan halatynda:beýleki ýakyn hossarynyň razylygy baradaky arza (notarial tertipde tassyklanan, alty aýdan köp wagt geçmedik)

Eger referent şahs (BVFG 4-nji bölümi) eýýäm Germaniýa giden bolsa, aşakda görkezilen goşmaça resminamalary tabşyrmak zerur:

• Häzirki wagtda bellige alnandygy (bellige alynmandygy) baradaky şahadatnama ýa-da ýaşaýyşy baradaky kepilnama (14 günden köp wagt geçmedik)

• Soň göçüp gelendigi baradaky kepilnama (§ 15 (1) BVFG).

Eger referent şahs entek ýurtdan gitmedik bolsa we eýýäm Germaniýanyň başga ilçihanasynda ýa-da konsullygynda wizany alan bolsa, wiza baradaky arza berlende, referent şahsyň pasportynyň maglumatly sahypasyny we wizanyň nusgasyny tabşyrmak gerek.

к началу страницы