Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел
Okuw üçin wiza
1. Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.
2. Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.
3. Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris.
4. Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris.
5. Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.
6. Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
7. Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.
Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär.
Germaniýada okamak boýunça hünärmeniň maslahatyny almak üçin, Ilçihanada her çarşenbede sagat 14:00-dan 16:00-a çenli DAAD gullugynyň talyplara degişli maslahatyna baryp görüň. Gulluga geleniňizde ýanyňyzda ozalky okuwyňyza degişli ähli subutnamalar, dil baradaky bar bolan sertifikatlar, nemes uniwersitetleriniň şahadatnamalary, dil öwredýän mekdebiň çakylyklary we ş.m. bolmalydyr.
Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:
Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.
Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek.
Ilçihana işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär.
Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.
Germaniýada blokirlenen hasabyň ýurda gelmänkäň açylandygy baradaky maglumat
Germaniýada okamak üçin, Germaniýadaky nemes bankynda blokirlenen hasabyň (sçýotuň) zerur bolmagy mümkin. Talyplar üçin wizany almagyň barşynda, bir ýylyň dowamynda ýaşaýyş üçin harajatlaryň bolmagyny (azyndan 12 x 992€ = 11.904) öňünden üpjün etmek zerurdyr.
Wizany resmileşdirmegiň barşynda bankyň güwänamasy tabşyrylanda, şular görkezilmelidir:
Kada bolşy ýaly, blokirlenen hasaby Germaniýanyň islendik bankynda açyp bolar.
Ýöne blokirlenen hasaby açmak maliýe edarasynyň öz işewürlik syýasatynyň çygrynda maliýe edarasynyň kabul edýän çözgüdi bolup durýar hem-de Federal daşary işler ministrligi şol çözgüde hiç hili täsirini ýetirmeýär. Siz prowaýderi saýlap almakda erkin hereket edip bilersiňiz. Tutuş dünýäde şu hyzmaty hödürleýän taraplary Federal daşary işler ministrliginiň https://www.auswaertiges-amt.de/de/sperrkonto/375488 web-saýtynda tapmak bolar. Blokirlenen hasabyň daşary ýurtdan açylyşyny pul boýunça prowaýderleriň saýtlaryndan öwrenip bilersiňiz. Şol ýerlerde görnüşler (formalar) we blokirlenen hasabyň açylyşy baradaky maglumat hem ýerleşdirildi. Blokirlenen hasaby açmak üçin Germaniýada bolmak ýa-da ýaşamak hökman däl.
Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:
Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň
Esasy resminamalar | |
☐ | Arza doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli) |
☐ | Pasport üçin iki sany täze surat Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň. |
☐ | Syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy Wiza alnanda syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyryş namasy hökman görkezilmelidir |
☐ | Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)
arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly |
☐ | Nemes uniwersitetinden kabul edilendigi baradaky hat ýa-da Nemes uniwersitetiniň ýüz tutmanyň tassyklanandygy baradaky namasy ýa-da Nemes dili boýunça taýýarlaýyş kursuna bellige alnyş (DHS/DsF ekzameni tabşyrmak maksady bilen) we Uniwersitete okuwa girendigini tassyklaýan subutnama |
☐ | Maliýeleşdirmek boýunça subutnama BAföG laýyklykda azyndan häzirki aýlyk stawkasyna (992 Ýewro) barabar derejede maliýeleşdiriljekdigi aşakda görkezilenler arkaly tassyklanýar: Ýurtda bolmak baradaky kanunyň 66 – 68-nji maddalaryna laýyklykda, borçnamalar hakyndaky resmi beýannamada üçünji tarap harajatlary tölejekdigini ýazmaça görnüşde borç edinýär |
☐ | Tutuş okuw kursy bilen bagly maksadyňy nemes ýa-da iňlis dilinde öz eliň bilen ýazyp beýan etmek arkaly düzülen arza. Siz Germaniýada haýsy ugry (haýsy bölümi we isleg bildirilýän derejäni) we näme üçin öwrenmek isleýärsiňiz? Siz näme üçin Germaniýada okamak isleýärsiňiz? Dili öwredýän kursy/okuwy tamamlap, näme bilen meşgullanmak isleýärsiňiz? Siz nemes dilini nädip, nirede we haçandan bäri öwrenýärsiňiz? |
☐ | Terjimehal ýa-da Siziň ozal alan bilimiňiz baradaky subutnama ozal alnan bilim we zerur bolan halatynda. hünär boýunça işler barada özbaşdak beýan etmeli Mekdebi tamamlandygy baradaky attestat, diplom, okuw kitaby we ş.m. hersinden 2 sany nusga à arzany tabşyranyňyzda, okuw gollanmasynyň asyl nusgasyny ýanyňyza alyň |
☐ | Dili öňden bäri bilýändigini tassyklaýan subutnama |