Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел

Ýewropa Bileleşiginiň Mawy karty

Статья

1.      Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.

2.      Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.

3.      Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris. 

4.      Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris. 

5.      Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.

6.      Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

7.      Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.

Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň Mawy kartasy – munuň özi şahsy şahadatnama bolup, ýokary bilimli we kesgitlenen minimal girdejili daşary ýurtlulara Germaniýada işe ýerleşmäge mümkinçilik döredýär. Umumy minimal girdeji aýda 4867 Ýewro ýa-da ýylda 58 400 Ýewro barabar bolup durýar. Lukmanlar, maglumat tehnologiýalary (MT) boýunça hünärmenler, alymlar, matematikler we inženerler üçin minimal girdeji aýda 3796 Ýewro ýa-da ýylda 45 552 Ýewro barabar diýlip hasaplanýar.

Indiki möhüm maglumat:

  • Göz öňünde tutulýan iş uniwersitetde alnan bilim bilen deň derejeli bolmalydyr. Galyberse-de, muňa adatça, alymlyk derejesiniň bolmagyny we uniwersitetde alnan we bölekleýin ýa-da gytaklaýyn görnüşde dahylly bilimleriň bolmagyny talap edýän iş goşulýar.
  • Uniwersitetde bilim alnandygyny tassyklaýan subutnamanyň hökmandygyna üns beriň. Häzirki wagtda Ýewropa Bileleşiginiň Mawy kartasyny almak üçin hünär boýunça köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribä esaslanýan we deňeşdirip bolýan kwalifikasiýanyň tassyklanmagyny amala aşyrmak mümkin däl.
  • Germaniýadaky iş we ýaşaýyş baradaky umum maglumaty şu ýerden tapmak bolar: http://www.make-it-in-germany.de
  • Germaniýada öz hünäriňiz boýunça işe ýerleşmekde hünär taýdan tejribe toplamak üçin size rugsat almak zerurmy? Bu ýagdaýlary şu web-saýt arkaly barlaň: https://www.anerkennung-in-deutschland.de/
  • Eger äriňiz/kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryňyz hem göçmegi meýilleşdirýän bolsa: Wiza baradaky arzany işleýän şahs bilen bilelikde tabşyrmak bolar. Äriniň/çagalarynyň öz ýanyna gelmegi baradaky maglumatly kagyzda görkezilenlere laýyklykda, işgäriň bellige alnyş baradaky şahadatnamasyndan ýa-da şahsy şahadatnamanyň nusgasyndan başga resminamalary tabşyrmak zerurdyr.
  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.
  • Nemes dilinde ýazylmadyk ähli resminamalar nemes diline terjime edilen görnüşde tabşyrylmalydyr.
  • Içki pasporty, pasporty we lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy baradaky resminamany terjime etmek hökman däl.
  • Soralýan resminamalary, ýüz tutmalary doly taýýarlanan görnüşde tabşyrandygyňyza göz ýetiriň! Arzalaryň doly ýazylmazlygy wiza bermekden ýüz öwrülmegine sebäp bolup biler.
  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.
  • Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek. 
  • Ilçihana işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär.
  • Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.

Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:

Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň

Esasy resminamalar

Arza
doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli)
Pasport üçin iki sany täze surat
Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň.

Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)

  • azyndan 2 sany boş sahypa
  • ýurtda bolmak üçin soralýan döwür tamamlanandan soňra azyndan 3 aýyň dowamynda hakyky bolmalydyr
  • arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly 
Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnama
Eger iş beriji lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrýan bolsa, wizanyň hereket edip ugran pursadyndan başlap zähmet gatnaşyklary başlanýança, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnamany tabşyrmaly.
Zähmet şertnamasy ýa-da iş baradaky hökmany teklip
Zähmet şertnamasy ýa-da iş baradaky hökmany teklip bilen birlikde, işiň hakykatda ýerleşýän ýeriniň salgysyny we Germaniýada habarlaşýan tarapynyň habarlaşmak üçin maglumatlaryny hem-de işiň görnüşi baradaky maglumaty (wezipe gözükdirijisini) we ýyllyk brutto-zähmet hakyny görkezmek arkaly düzülen namanyň 2 sany nusgasy.
“Iş ýerinden jarnamanyň” ýazylyp doldurylan görnüşi (formasy)
Iş beriji tarapyndan ýazylyp doldurylýar
Terjimehal

Alnan we Germaniýada ykrar edilýän ýokary bilimi tassyklamak. 
Umuman, diplomy transkriptsiz görnüşler görkezmek ýeterlikdir.
Siziň daşary ýurt ýokary okuw mekdebinde alan kwalifikasiýaňyzyň ykrar edilendigini ýa-da deňeşdirilip bilinýändigini Anabin maglumat binýady arkaly bilmek bolar.

  • Eger siziň uniwersitetlik derejäňiz “ekwiwalent (deň derejeli)” bolsa we siziň ýokary okuw mekdebiňize
    H+ reýting berlen bolsa, maglumat binýadyndaky gözlegleriň netijelerini çap ediň; çap edilen nusgalaryň ikisini maglumat binýadyna berkitmegiňizi haýyş edýäris.
  • Eger size öz uniwersitetlik derejäňizi ýa-da okuw mekdebini gözläp tapmak başartmasa, öz sertifikatyňyza ZAB (Daşary ýurt bilimi boýunça merkezi müdirlik) arkaly baha beriň.

Eger siziň okuw mekdebiňizde H+/- we/ýada siziň uniwersitetlik derejäňiz Anabinde görkezilmedik bolsa: öz sertifikatyňyzy ZAB (Daşary ýurt bilimi boýunça merkezi müdirlik) arkaly barlaň.

Düzgünleşdirilýän kärler, meselem, lukmanlaryň, inženerleriň, döwlet mekdepleriniň mugallymlarynyň, farmasewtleriň we hukukçylaryň (ýuristleriň) hünärler üçin:

  • Hünäre degişli iş üçin ykrar etmek baradaky jogapkär edaradan rugsat berýän namany almaly

ÝA-DA

  • Hünäre degişli iş bilen meşgullanmak üçin ygtyýarnamanyň (lisenziýanyň) bolmagyny/lukmançylyk
    boýunça ygtyýarnamanyň berilmegini üpjün etmeli  

            Şu ýerde siz öz käriňiziň düzgünleşdirilýändigini bilip bilersiňiz.

Zerur bolan halatynda dilleri (nemes ýa-da iňlis) bilýändigiňizi tassyklamaly.
к началу страницы