Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел

Au-pair wiza

Статья
  1. Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.

  2. Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris 

  3. Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris. 

  4. Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris. 

  5. Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.

  6. Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

  7. Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.

Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär. 


Hojalykdaky kömekçi aýal diýmek nämäni aňladýar?

Au Pair maksatnamasy boýunça Germaniýada bolmak nemes dilinde gepleşmek boýunça başarnyklaryň we özara medeni gatnaşygyň kämilleşdirilmegine-de gönükdirilendir. Au Pair kabul edýän maşgalanyň çagalaryna ideg edýär we öýdäki gündelik işlerde kömek berýär. Munuň deregine kabul edýän maşgala hojalykdaky kömekçi aýala otag, iýmit berýär, lukmançylyk ätiýaçlandyryşyny we betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryşy amala aşyrýar, şeýle hem harçlyk pul berýär. Hojalykdaky kömekçi aýal hökmünde bolmagyň dowamlylygy azyndan alty aý we aňyrsy on iki aýdyr. Au Pair maksatnamasyna diňe bir gezek gatnaşyp bolar.

Nemes dilini oňat bilmek hökmanmy?

Hojalykdaky kömekçi aýal nemes dilinde gepleşmegi başarmalydyr. Gepleşikde ulanylýan nemes dilini oňat bilmek we düşünişmek zerur diýlip hasaplanýar. Munuň özi siziň eýýäm diňlemegi we artykmaç sowal bermän, ýönekeý gepleşigi alyp barmagy başarmalydygyňyzy aňladýar. Şeýle hem siz öz niýetiňizi (motiwasiýaňyzy) ygtybarly düşündirip bilýän ýagdaýda bolmaly.

Ýaş boýunça çäklendirmeler

Işe başlan pursadynda hojalykdaky kömekçi aýal azyndan 18 ýaşyna ýeten we arza beren gününde 27 ýaşyna ýetmedik bolmalydyr. Arza işe ýerleşmegiň başlanan gününe çenli alty aý öňki senede berlen görnüşde bolmaly däldir.

Ýene-de haýsy ýagdaýlary göz öňünde tutmaly?

Kabul edýän ata-enäniň we hojalykdaky kömekçi aýalyň arasynda haýsydyr bir maşgala gatnaşyklary bolmaly däldir.

Kabul edýän maşgalada nemes dili ene dili bolup durýar. Eger maşgalada nemes dili ene dili bolsa, hojalykdaky kömekçi aýal kabul edýän ata-enäniň bolan ýurdundan gelmedik bolsa, wiza aýratyn ýagdaýlarda berlip bilner.

 

Au Pair boýunça şertnama azyndan haýsy şertler goşulýar?

  • Şertleşýän taraplaryň takyk atlary 

  • Ideg ediljek çagalaryň sany we ýaşy

(maşgalada, iň bolmanda, kämillik ýaşyna ýetmedik 1 çaga bolmalydyr)

  • Şertnamanyň başlanýan we hereket edýän möhleti (azyndan 6 aý, aňyrsy 1 ýyl)

  • Kabul edýän ata-enäniň umumy borçlary

  • Kabul edýän ata-enäniň işiniň görnüşi baradaky maglumat

  • Hojalykdaky kömekçi aýalyň umumy borçlary 

  • Kabul edýän ata-enäniň kesel, şol sanda göwrelilik, çaga dogurmak we betbagtçylykly hadysalar bilen baglylykda

ätiýaçlandyrmany resmileşdirmek baradaky borjy

  • Harçlyk pullar (aýda azyndan 280 Ýewro) baradaky ylalaşyk

  • Iş wagty (günde 6 sagada çenli we her hepdede 30 sagat, dynç alyş üçin hepdede 1,5 gün) baradaky ylalaşyk, zähmet

rugsady (aýda azyndan 2 iş güni) baradaky ylalaşyk

  • Nemes dilini öwrenmek üçin, aýda azyndan 70 Ýewro ýa-da ýylda 840 Ýewro barabar möçberdäki pul kömegi.

  • Nemes dilini öwrenmek üçin 70 Ýewro barabar minimal pul kömegine goşmaça hökmünde, dil öwrenmäge

gatnamakda ulag üçin harajatlary doly tölemek.

Nemes dilini hökman bilmelimi?

Eger nemes dilinde gepleşip bilmeýän bolsaňyz, onda siz iş ýerinden/sponsordan ilkibaşda dil bilmegiň talap edilmeýändigi we siziň ýerleşeniňizden soňra dili öwredýän kurslarda dili öwrenip biljekdigiňiz baradaky subutnamasyny tabşyrmaly bolarsyňyz.

Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:

  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.

  • Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň

jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek.

  • işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär..

  • Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.

     

Au Pair boýunça agentlikler baradaky maglumat

Hojalykdaky kömekçi aýallary işe ýerleşdirmek boýunça agentligiň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz ýa-da kabul edýän maşgaladaky işi özbaşdak gözläp bilersiňiz. Germaniýada ýerleşýän Au Pair boýunça agentlikleriniň nemes AU Pair-lerden ýerleşdirmek üçin aňyrsy 150 Ýewro barabar töleg alýar. Şoňa görä-de, agentlige örän köp hak tölemäň!

Meselem, siziň ýurtda bolýan mahalyňyzda, kabul edýän maşgala bilen bagly kynçylyklar ýüze çykan halatynda kömek bermegi borç edinýän hojalyk agentliginiň hyzmatlaryndan peýdalanmak maslahat berilýär. Ýogsa, siziň Germaniýada ýeke galmagyňyz mümkin. Ýöne, nemes häkimiýet edaralaryna ýüz tutmakdan utanmazlygy haýyş edýäris, olar size kömek berip biler. Işe ýerleşdirmek boýunça Ai Pair agentlikleri Gütegemeinschaft Au-pair e.V. howandarlyk etmeginde birleşdiler, onuň işine hemişe gözegçilik edilýär. Siz «Gütegemeinschaft Au-pair e.V.»: http://www.guetegemeinschaft-aupair.de/ saýtda hil nyşanly agentlikleri tapyp bilersiňiz. 

Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:

  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.

  • Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek. 

  • Ilçihana işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär.

  • Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.

Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:

Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň

Esasy resminamalar

Arza
doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli)
Pasport üçin iki sany täze surat
Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň.

Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)

  • azyndan 2 sany boş sahypa
  • ýurtda bolmak üçin soralýan döwür tamamlanandan soňra azyndan 3 aýyň dowamynda hakyky bolmalydyr

arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly  

Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnama
Eger iş beriji lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrýan bolsa, wizanyň hereket edip ugran pursadyndan başlap zähmet gatnaşyklary başlanýança, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnamany tabşyrmaly.

Hojalyk boýunça kömekçi aýal bilen şertnamanyň kabul edýän ata-ene we hojalyk boýunça kömekçi aýaltarapyndan gol çekilen asyl nusgasy

(Ýokarda görkezilen minimal talaplara seret)

Eger agentlik RAL hil nyşany arkaly sertifisirlenen bolsa, onda şertnamanyň nusgasyny bermek bolar.

           - Geljekki kabul edýän maşgalanyň haty-çakylygy

            - Geljekki kabul edýän ata-enäniň pasportlarynyň nusgalary

            - Hojalyk boýunça kömekçi aýalyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy.

Terjimehal

Niýetiňi nemes ýa-da iňlis dilinde beýan edip, öz eliň bilen ýazylan hat.
Bu hatda ýurtda bolmak bilen baglylykda meýilleşdirilýän umytlar, hünär we şahsy  taýdan göz öňünde tutulýan bähbitler, şeýle hem geljekki maksatlar beýan edilmelidir.

  • Hojalyk boýunça kömekçi aýal hökmündäki iş tamamlanandan soňrä nämäni maksat edinýärsiňiz?
  • Türkmenistana dolanyp geleniňizden soňra haýsy iş bilen meşgullanmak isleýärsiňiz?
  • Siz talypmy? Eger talyp bolsaňyz, okuwyňyzy dowam etdirmek ýa-da togtatmak isleýärsiňizmi?

Siz ýokary bilimlimi? Bilimiňiz haýsy ugra degişli?

Dili (pesinden A1 derejede) bilýändigiňiz baradaky subutnama
Eger Siz dili bilýändigiňizi tassyklaýan subutnamany görkezip bilmeýän bolsaňyz, onda başarnygyňyzy söhbetdeşlik geçirilende subut edip bilersiňiz.
к началу страницы