Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел

Dil kursy üçin wiza

Статья

1.      Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.

2.      Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.

3.      Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris. 

4.      Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris. 

5.      Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.

6.      Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

7.      Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.

Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär. 

Germaniýada okamak boýunça hünärmeniň maslahatyny almak üçin, Ilçihanada her çarşenbede sagat 14:00-dan 16:00-a çenli DAAD gullugynyň talyplara degişli maslahatyna baryp görüň. Gulluga geleniňizde ýanyňyzda ozalky okuwyňyza degişli ähli subutnamalar, dil baradaky bar bolan sertifikatlar, nemes uniwersitetleriniň şahadatnamalary, dil öwredýän mekdebiň çakylyklary we ş.m. bolmalydyr.

Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:

  • Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.

  • Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek. 

  • Ilçihana işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär.

  • Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.

Germaniýada blokirlenen hasabyň ýurda gelmänkäň açylandygy baradaky maglumat 

Germaniýada okamak üçin, Germaniýadaky nemes bankynda blokirlenen hasabyň (sçýotuň) zerur bolmagy mümkin. Talyplar üçin wizany almagyň barşynda, bir ýylyň dowamynda ýaşaýyş üçin harajatlaryň bolmagyny (azyndan 12 x 992€ = 11.904) öňünden üpjün etmek zerurdyr.

 

Wizany resmileşdirmegiň barşynda bankyň güwänamasy tabşyrylanda, şular görkezilmelidir:

Kada bolşy ýaly, blokirlenen hasaby Germaniýanyň islendik bankynda açyp bolar.

Ýöne blokirlenen hasaby açmak maliýe edarasynyň öz işewürlik syýasatynyň çygrynda maliýe edarasynyň kabul edýän çözgüdi bolup durýar hem-de Federal daşary işler ministrligi şol çözgüde hiç hili täsirini ýetirmeýär. Siz prowaýderi saýlap almakda erkin hereket edip bilersiňiz. Tutuş dünýäde şu hyzmaty hödürleýän taraplary Federal daşary işler ministrliginiň https://www.auswaertiges-amt.de/de/sperrkonto/375488 web-saýtynda tapmak bolar. Blokirlenen hasabyň daşary ýurtdan    açylyşyny pul boýunça prowaýderleriň saýtlaryndan öwrenip bilersiňiz. Şol ýerlerde görnüşler (formalar) we blokirlenen hasabyň açylyşy baradaky maglumat hem ýerleşdirildi. Blokirlenen hasaby açmak üçin Germaniýada bolmak ýa-da ýaşamak mejbur däl. 

Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:

Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň

Esasy resminamalar

Arza
doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli)
Pasport üçin iki sany täze surat
Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň.
Syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy
Wiza alnanda syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyryş namasy hökman görkezilmelidir

Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)

  • azyndan 2 sany boş sahypa
  • ýurtda bolmak üçin soralýan döwür tamamlanandan soňra azyndan 3 aýyň dowamynda hakyky bolmalydyr

arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly  

Dil öwredýän mekdebe gatnalýandygy baradaky kepilnama – asyl nusgasy we iki sany nusgasy

  • bronlanan kursdaky hepdelik sagatlary görkezmek arkaly (intensiw kurs, hepdede azyndan 18 sagat)

Kursuň umumy bahasynyň möçberi we kursuň bahasynyň tölenendigini tassyklaýan subutnama

Maliýeleşdirmek boýunça subutnama

BAföG laýyklykda azyndan häzirki aýlyk stawkasyna (992 Ýewro) barabar derejede maliýeleşdiriljekdigi aşakda görkezilenler arkaly tassyklanýar:

Ýurtda bolmak baradaky kanunyň 66 – 68-nji maddalaryna laýyklykda, borçnamalar hakyndaky resmi beýannamada üçünji tarap harajatlary tölejekdigini ýazmaça görnüşde borç edinýär
ýa-da 
Germaniýada blokirlenen hasapda okuwyň birinji ýyly üçin puluň zerur möçberiniň bardygy tassyklanýar
ýa-da 
talyp haky boýunça mälim edýän namanyň asyl nusgasy arkaly talyp hakynyň tölenýändigi tassyklanýar (DAAD boýunça talyp haklary boýunça çap edilen nusga ýeterliklidir)

Motiwasiýa degişli subutnama ýa-da kursuň maksady 

  • Hünär bilen bagly sebäpler (Iş berijiniň saýlap almaga mümkinçilik berlendigi baradaky kepilnamasy, şeýle hem işe ýerleşdirmek baradaky kepillikler we iki sany nusga)
  • Okuwyň maksady (Uniwersitete okuwa girendigini tassyklaýan subutnama we iki sany nusga)
  • Motiwasion hat: 
  • Size nemes dilini bilmek näme üçin zerur?
  • Siz nemes dilini nirede hem-de haçandan bäri öwrenýärsiňiz?

Siz näme üçin nemes dilini öwrenmek isleýärsiňiz?

Ýaşamak baradaky subutnama
Terjimehal ýa-da Siziň ozal alan bilimiňiz baradaky subutnama
Ozal alnan bilim we zerur bolan halatynda. hünär boýunça işler barada özbaşdak beýan etmeli
Dili öňden bäri bilýändigini tassyklaýan subutnama
к началу страницы