Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел
Meýletin gulluga kabul ediş üçin wiza
1. Eger mümkin bolsa, şu resminamany çap ediň.
2. Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.
3. Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris.
4. Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris.
5. Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.
6. Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
7. Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.
Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär.
Federal meýletin gullukdan geçilen mahalynda haýsy ýagdaýlara üns bermek gerek?
Siziň şertnamaňyza özüňiz, şeýle hem Maşgala işleri we raýat jemgyýeti boýunça federal müdirlik (BAFzA) we işe ýerleşdirmek boýunça ofis, merkezi ofis we zerur bolan halatynda, meýletinlik (wolontýorlyk) gullugyny amala aşyrýan ofis (sponsor) gol çekmelidir.
Ýaşlar üçin, meýletinlikde haýsy ýagdaýlary göz öňünde tutmak gerek (Meýletin sosial ýyl (FSJ)/Meýletin ekologik ýyl (FÖJ))?
Eger şertnamada ýa-da işe ýerleşdirilýän ýerden berlen beýleki subutnamada siziň gün-güzeranyňyz we iýmitlenmegiňiz baradaky maglumat asla ýok bolsa, siziň ýaşaýyş üçin serişdeleriňiziň bardygyny tassyklaýan goşmaça subutnamalary beriň.
Şertnama neneňsi minimal şertlerden ybarat bolmaly?
şertnama gatnaşýan taraplaryň dürs ady
Şertnamanyň hereket edip başlaýan we hereket edýän möhleti
Meýletinlik (wolontýorlyk) gullugynyň haýsy ugurlara degişlidigi baradaky maglumat
Meýletiniň (wolontýoryň) borçlary
Iş ýeri we hakyň möçberi
Şertnamanyň asyl nusgasyna ähli taraplar (işe ýerleşdirmek boýunça agentlik/meýletin) gol çekmelidir.
Nemes dilini hökman bilmelimi?
Eger nemes dilinde gepleşip bilmeýän bolsaňyz, onda siz iş ýerinden/sponsordan ilkibaşda dil bilmegiň talap edilmeýändigi we siziň ýerleşeniňizden soňra dili öwredýän kurslarda dili öwrenip biljekdigiňiz baradaky subutnamasyny tabşyrmaly bolarsyňyz.
Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:
Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.
Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň
jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek.
işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär..
Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.
Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:
Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň
Esasy resminamalar | |
☐ | Arza doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli) |
☐ | Pasport üçin iki sany täze surat Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň. |
☐ | Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)
arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly |
☐ | Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnama Eger iş beriji lukmançylyk ätiýaçlandyrmasyny amala aşyrýan bolsa, wizanyň hereket edip ugran pursadyndan başlap zähmet gatnaşyklary başlanýança, lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnamany tabşyrmaly. |
☐ | Siziň Germaniýadaky meýletin gullugyňyz baradaky şertnama ýa-da ylalaşyk |
☐ | Terjimehal we Siziň ozalky bilimiňiz baradaky subutnama Özbaşdak ýazmaly we ozalky okuwy we zerur bolan halatynda, hünär boýunça işiňizi beýan etmeli |
☐ | Dili (pesinden A1 derejede) bilýändigiňiz baradaky subutnama Eger Siz dili bilýändigiňizi tassyklaýan subutnamany görkezip bilmeýän bolsaňyz, onda başarnygyňyzy söhbetdeşlik geçirilende subut edip bilersiňiz. |