Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел
Germaniýada nika baglaşmak, ýanýoldaşyny görmek üçin(şol sanda kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar bilen bilelikde) ýurda gelmek maksady bilen, şeýle hem ýüz tutujynyň Germaniýada ýaşaýan çagalarynyň gelmegi üçin wiza
1. Eger mümkin bolsa, şu makalany çap ediň.
2. Indiki maglumaty ünsli okap çykmagyňyzy haýyş edýäris.
3. Ýüz tutmak üçin resminamalary toplamagyňyzy haýyş edýäris.
4. Resminamalaryňyzy görkezilen tertipde ýerbe-ýer goýmagyňyzy haýyş edýäris.
5. Eger siz şu resminamany çap etdiren bolsaňyz, tabşyrýan resminamalaryňyzyň gapdalynda bellik goýuň.
6. Ähli resminamalary daşlyksyz we skrepkasyz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
7. Resminamalary ilçihanada tabşyrmak üçin ilçihananyň web-sahypasynda deslapdan hasaba durmagyňyz hökmany ýagdaýda talap edilýär.
Işiň köplügi zerarly we ýüz tutýanlaryň ählisine deň garalýandygy üçin, wiza bölümi işläp taýýarlamak üçin arzalary diňe talap edilýän görnüşde kabul edip bilýär. Ilçihanadan ähli resminamalar, maglumatly kagyzlar we arzalaryň görnüşleri (formalary) muzdsuz berilýär.
Şulara üns bermegiňizi haýyş edýäris:
Şu ýerde görkezilmedik goşmaça resminamalar käbir halatda arza tabşyrylanda ýa-da wiza resmileşdirilen mahalynda soralyp bilner.
Eger wiza bermekde şahsy şertler berjaý edilen bolsa, onda arzanyň ýanyna goşulan resminamalar Germaniýanyň jogapkär immigrasiýa edarasyna tabşyrylýar, wiza bermek üçin şol edara tarapyndan razylyk berilmelidir. Şoňa görä-de, ýaşamak üçin göz öňünde tutulýan ýeriň salgysyny doly görkezmek gerek.
Ilçihana işläp taýýarlamagyň wagtynyň 6-8 hepde dowam edip biljekdigine üns berilmegini haýyş edýär.
Maglumatly kagyzlar häli-şindi täzelenýär, ýöne olar elmydama doly görnüşde berilmeýär we kepilliksiz çap edilýär.
Aşakda görkezilen resminamalar goşulyp berilýär:Tabşyrýan resminamalaryňyzy çepdäki sütünde (kolonkada) atanak (X) goýup belläň
Esasy resminamalar
☐ Arza
doly ýazyp doldurmaly we özüň gol çekmeli (kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin iki hossary gol çekmeli)☐ Pasport üçin iki sany täze surat
Biometrik, retuş edilmedik (tonirlenmedik). Fotony ýüz tutmanyň görnüşine (formasyna) ýelimläp goýmaň.☐ Syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy
Wiza alnanda syýahatçylyk boýunça lukmançylyk ätiýaçlandyryş namasy hökman görkezilmelidir☐ Daşary ýurt pasporty (+ şahsy maglumatly sahypanyň iki sany nusgasy)
- azyndan 2 sany boş sahypa
- ýurtda bolmak üçin soralýan döwür tamamlanandan soňra azyndan 3 aýyň dowamynda hakyky bolmalydyr
arzanyň berlen pursadyna çenli 10 ýyldan köp wagt geçmedik bolmaly
☐ Daşary ýurt pasportynyň ýa-da şahsy şahsyýetnamanyň we eger ulanylýan bolsa, gelinligiň/ýanýoldaşyň ýa-da çaganyň şahsy şahadatnamasynyň iki sany nusgasy ☐ Germaniýada ýaşaýan öýlenýän ýigidiň/ýanýoldaşyň ýa-da çaganyň bellige alnandygy baradaky şahadatnama Germaniýada nika baglaşmak göz öňünde tutulan halatynda
☐ Nikany bellige almak baradaky namanyň iki sany asyl nusgasy
- Germaniýadaky Raýatlyk ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminiň (RÝNÝ) nikanyň bellige alnandygyny ýazmaça görnüşde tassyklaýan nama
- Tassyklaýan namada nikany baglaşmak barada göz öňünde tutulýan sene we namanyň hereket edýän möhleti görkezilmelidir.
Germaniýada zerur resminamalaryň barlagy eýýäm tamamlanan ýagdaýda bolmalydyr
☐ Germaniýada ýaşaýan ýoldaşynyň arzasynyň asyl nusgasy we iki sany nusgasy
Ýurtda bolmak baradaky kanunyň 66 – 68-nji maddalaryna laýyklykda, Germaniýada ýaşaýan ýoldaşynyň özleriniň maşgala durmuşyny Germaniýada dowam etdirmegi maksat edinýändikleri we nika baglaşylmanka, ähli harajatlary özüniň tölejekdigi baradaky resmi däl we öz eli bilen gol çeken arzasy.☐ Nemes dilinde gepleşmegi başarýandygyny tassyklamak
Ýewropa geňeşi tarapyndan işlenip düzülen Umumyýewropa standartlary boýunça dilden baş çykarmagyň A1 derejesinde.Bu barada “Ýanýoldaşynyň ýanyna baranda nemes dilinde gepleşmegi başarýandygyny tassyklamak” baradaky maglumatly kagyzda goşmaça maglumaty tapmak bolar
Ýanýoldaşy/durmuşdaky ýoldaşy bilen gatnaşygyny täzeden ýola goýmagy niýet edinende
☐ Nikanyň baglaşylandygy baradaky şahadatnamanyň ýa-da raýat ýoldaşlygynyň bellige alnandygy baradaky şahadatnamanyň asyl nusgasy we iki sany nusgasy. ☐ Germaniýada ýaşaýan ýoldaşynyň arzasynyň asyl nusgasy we iki sany nusgasy
Ýurtda bolmak baradaky kanunyň 66 – 68-nji maddalaryna laýyklykda, Germaniýada ýaşaýan ýoldaşynyň özleriniň maşgala durmuşyny Germaniýada dowam etdirmegi maksat edinýändikleri we nika baglaşylmanka, ähli harajatlary özüniň tölejekdigi baradaky resmi däl we öz eli bilen gol çeken arzasy.☐ Nemes dilinde gepleşmegi başarýandygyny tassyklamak
Ýewropa geňeşi tarapyndan işlenip düzülen Umumyýewropa standartlary boýunça dilden baş çykarmagyň A1 derejesinde.Bu barada “Ýanýoldaşynyň ýanyna baranda nemes dilinde gepleşmegi başarýandygyny tassyklamak” baradaky maglumatly kagyzda goşmaça maglumaty tapmak bolar.
☐ Eger ýanýoldaşynyň nemes raýatlygy bolmasa
Ýaşaýyş üçin serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnamanyň asyl nusgasy we iki sany nusgasy, Ýurtda bolmak baradaky kanunyň §66 – 68-nji maddalaryna laýyklykda Borçnamalar baradaky resmi beýannama ýa-da soňky 3 aýdaky zähmet haky baradaky kepilnamalar☐ Eger zerur bolsa, nikanyň bozulandygy baradaky ýa-da ýüz tutujynyň ozalky ýanýoldaşynyň aradan çykandygy baradaky şahadatnama Kakasy nemes çagasy bilen gatnaşygyny ýola goýmagy niýet edinende
☐ Çaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy ☐ Çaganyň nemes raýatlygy baradaky subutnama ☐ Hossarlyk baradaky subutnama
Meselem, dogulyş hakyndaky şahadatnama boýunça☐ Eger çaga entek Germaniýada ýaşamaýan bolsa, beýleki kanuny hossarynyň pasportynyň nusgasy we bellige alnyş baradaky şahadatnama Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň immigrasiýasy göz öňünde tutulan halatynda:
☐ Çaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy ☐ Hossarlyk baradaky subutnama
Meselem, dogulyş hakyndaky şahadatnama boýunça☐ Bilelikdäki hossarlyk bar bolan halatynda Türkmenistanda galýan kakasynyň çaganyň hemişelik ýaşamak üçin Germaniýa göçmegine razylyk berýändigi baradaky arzasy. ☐ Ikinji hossarynyň Germaniýada bellige alnan şahadatnamasy ☐ 16 ýaşdan uly çagalar üçin nemes dilini bilýändigi baradaky subutnama
- 16 ýaşdan C1 derejede dili bilýändigini tassyklaýan subutnamany görkezmek gerek.
- eger siz ýurda öz kakaňyz-ejeňiz ýa-da bir özi hossarlyk edýän adam bilen bilelikde gelýän bolsaňyz, bu kada ulanylmaýar
Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň immigrasiýasy göz öňünde tutulan halatynda:
☐ Garyndaşlyk gatnaşyklary baradaky subutnama ☐ Maşgaladaky ýagdaý barada ýazmaça görnüşdäki resmi däl arza
Ýüz tutujynyň Germaniýa göçmeginiň sebäbi we kynçylyklaryň sebäbi☐ Lukmançylyk kepilnamalary - aýratyn ýagdaýyň subutnamasy hökmünde
- alamatlary we olaryň agyrlygyny jikme-jik beýan etmek arkaly
- asyl nusgasy, terjime edilen görnüşde we nusgalary bilen birlikde,
zerur bolan halatynda, hyzmatdaşlyk edýän lukman tarapyndan barlag geçirilmelidir.
☐ Germaniýadaky garyndaşynyň pasportynyň nusgasy we bellige alnandygy baradaky şahadatnama ☐ Lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy üçin ýeterlikli serişdeleriniň bardygyny tassyklaýan subutnamanyň asyl nusgasy we iki sany nusgasy