Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел

Iş syýahaty

Статья

1. Eger mümkinçiligiňiz bar bolsa, bu makalany çap etmegiňizi haýyş edýäris.

2. Aşakdaky görkezmeleri üns bilen okaň.

3. Wiza almak üçin resminamalaryňyzy ýygnaň.

4. Resminamalaryňyzy ýatlama boýunça tertipläň.

5. Ýatlamany çap edeniňizden soň, tabşyrýan delilnamaňyzy atanak belligi bilen belläň.

6. Ähli resminamalary daşsyz we berkitmesiz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.

7. Ilçihananyň web-saahypasynda deslapdan hasaba durmak hökmany ýagdaýda talap edilýär.

Köp iş ýüki we ähli raýatlar üçin deň hyzmat bermegiň kepilligi sebäpli wiza bölümi resminamalary bellenilen tertipde aýratynlykda kabul edýär.

Ilçihananyň ähli görnüşleri, ýatlamalary we soragnama-beýannamalary mugt berilýär.

Şu aşakdakylara üns bermegiňizi haýyş edýäris: 

-        Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy diňe esasy ýaşaýan ýeri şu aşakdaky ýurtlar bolan ýagdaýynda wiza arzalaryny kabul edýär: Awstriýa, Belgiýa, Germaniýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa

-        Meýilleşdirilen syýahatdan 6 aý öň wiza üçin ýüz tutup bilersiňiz.

-        Resminamalara seretmegiň wagty adatça 15 senenama gününe deňdir.

-        Wiza resminamalaryna seretmegiň tölegi 90 ýewro bolup durýar. 6 ýaşa çenli çagalar konsullyk tölegini tölemekden boşadylýarlar. 6 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin konsullyk tölegi 45 ýewro bolup, ilçihananyň iň soňky hümmeti boýunça ABŞ-nyň dollarynda nagt tölenýär. Banknotlar täze bolmaly, hapalanan ýyrtylan bolmaly däl, ýazgysyz we möhürsiz bolmaly.

         Arza ret edilen ýa-da yzyna gaýtarylan ýagdaýynda, resminamalara seretmek üçin tölenen töleg yzyna gaýtarylmaýar.

-        Resminamalaryň doly berilmezligi ret edilmegine sebäp bolup biler.

-        Käbir ýagdaýlarda ilçihana goşmaça resminamalary talap etmek hukugyny özünde saklaýar.

-        Resminamalaryň doly görnüşinde görkezilmegi wiza almak hukugyny subut etmeýär.

-        Ilçihana tarapyndan talap edilmedik, poçta ýa-da elektron poçta arkaly iberilen resminamalar hasaba alynmaýar. 

Aşakdaky resminamalar tabşyrylýar: 

Tabşyrýan resminamalaryňyzy çep gutujykda (X) bilen belläň

Resminamalaryň esasy sanawy 

Soragnama-Beýannama 
ýüz tutujynyň şahsy goly bilen doly doldurylan görnüşde
(kämillik ýaşyna ýetmedikler üçin hossarlarynyň biriniňki)

Bir sany işjeň surat 

biometrikiretuşirlenmedik 
(surat ýelmenmeli däldir)

Saglyk ätiýaçlandyryşy
boljak ähli döwri üçin Şengen ştatlarynyň hemmesi üçin hereket edýän, iň az ätiýaçlandyryş kepilligi 30.000 Ýewro bolmak şerti bilen saglyk ätiýaçlandyryşy

Köp gezeklik, ýyllyk ýa-da köp ýyllyk wiza üçin ýüz tutanyňyzda - diňe ilkinji syýahat üçin

Daşary ýurtlarda ulanmak üçin pasport
- azyndan 2 boş sahypanyň bolmagy;

- talap edilýän wiza tamamlanandan soň azyndan 3 aý hereket edýän möhleti bolmaly; 

- pasportyň berilýän möhleti 10 ýyldan köp bolmaly däldir 

Syýahatyň maksadynyň tassyklanmagy

Ýönekeý ýazuw görnüşinde çakylyk (nemes ýa-da iňlis diline terjime edilmegi talap edilýän bolsa) we täjirçilik sanawyndan göçürme (soňky 6 aýlyk möhleti bolan)

ýa-da

Germaniýanyň daşary ýurtly raýatlaryň işleri boýunça edarasy tarapyndan syýahat çykdajylaryny we ýurtdan çykarylmagy boýunça çykdajylary öz üstüne alýan çakylyk berýän şahsyň beýany (= Verpflichtungserklärung - diýlip atlandyrylýan bu çakylyk Germaniýada ýaşamak hakyndaky kanunyň §§66-68 maddasyna laýyklykda düzülendir).

Maliýeleşdirmäni tassyklamak

Düzgün bolşy ýaly, adam başyna bir günde 45 ýewro möçberinde maliýe serişdeleriniň subutnamasyny bermek hökmany bolup durýar. 

Bankdan kepilnama ýa-da  hasapdan göçürme 

ýa-da

kredit kartoçkalary we kredit kartoçkalaryndan göçürmeler 

ýa-da

iberiji kompaniýanyň syýahat çykdajylaryny ýapýandygy hakyndaky ýöneke ýazmaça beýan we kompaniýanyň hasabyndaky pul serişdeleriniň galyndysy barada bankdan kepilnama  ýa-da hasabyndan göçürme 

ýa-da

syýahat çykdajylaryny ýapmak hakynda çakylykda ýönekeý ýazmaça tassyknama 

ýa-da

Germaniýanyň daşary ýurtly raýatlaryň işleri boýunça edarasy tarapyndan syýahat çykdajylaryny we ýurtdan çykarylmagy boýunça çykdajylary öz üstüne alýan çakylyk berýän şahsyň beýany (= Verpflichtungserklärung - diýlip atlandyrylýan bu çakylyk Germaniýada ýaşamak hakyndaky kanunyň §§ 66-68 maddasyna laýyklykda düzülendir).

asyl nusgasy we göçürmesi (çakylygyň möhleti berlen senesinden başlap 6 aýy geçmeli däldir)

Dolanmaga taýýarlyk 
Ilçihana bu resminamalar bolan ýagdaýynda ýüz tutujynyň Türkmenistana yzyna dolanjakdygy barada öňünden aýdyp biler.

Işleýänler üçin:
hmet depderçesiş ýerinden rugsat berilýändigi hakynda kepilnama, Şu maglumatlary görkezmek bilen – familiýasy, adyzähmet hakymöhletini görkezmek bilen rugsadyň dowamlylygy, iş berijiniň doly salgysy we telefon belgisi (berlen möhlet 1 aýdan geçmedik asyl nusgasy)

Telekeçiler üçin:

Hususy kärhananyň patenti ýa-da hasaba alyş şahadatnamasy (asyl nusgasy we göçürme nusgasy)

Okuwçylar we talyplar üçin:

mekdebiň we degişli ýokary okuw jaýynyň şahadatnamasy

Okuwyň ähli döwri üçin sapaklardan boşadylandygy barada bilim edarasynyň şahadatnamasy, diňe syýahat dynç alyş günlerinden başga günlerde meýilleşdirilen bolsa (asyl nusga)

Napagada bolanlar üçin

Alýan napaga mukdaryny görkezýän napagasy hakynda şahadatnama (asyl nusgasy we göçürme nusgasy)

Maşgala ýagdaýy hakynda kepilnamalar:

Nika şahadatnamasy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama 

Çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalar we ş.m. (asyl nusgasy we göçürme nusgasy)

Şengen döwletlerinde, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we beýleki şuňa meňzeş ýurtlarda öň bolandygynyň tassyknamasy (mysal üçin wizalaryň nusgalary)
Türkmenistanda gozgalmaýan emläginiň tassyknamasy 
к началу страницы