Добро пожаловать на сайт Федерального министерства иностранных дел
Syýahatçylyk
1. Eger mümkinçiligiňiz bar bolsa, bu makalany çap etmegiňizi haýyş edýäris.
2. Aşakdaky görkezmeleri üns bilen okaň.
3. Wiza almak üçin resminamalaryňyzy ýygnaň.
4. Resminamalaryňyzy ýatlama boýunça tertipläň.
5. Ýatlamany çap edeniňizden soň, tabşyrýan delilnamaňyzy atanak belligi bilen belläň.
6. Ähli resminamalary daşsyz we berkitmesiz tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
7. Ilçihananyň web-saahypasynda deslapdan hasaba durmak hökmany ýagdaýda talap edilýär.
Köp iş ýüki we ähli raýatlar üçin deň hyzmat bermegiň kepilligi sebäpli wiza bölümi resminamalary bellenilen tertipde aýratynlykda kabul edýär.
Ilçihananyň ähli görnüşleri, ýatlamalary we soragnama-beýannamalary mugt berilýär.
Wiza almagyň tertibi bilen baglanyşykly ähli maglumatlary ilçihananyň www.asch.diplo.de web sahypasyndan görüp bilersiňiz
Şu aşakdakylara üns bermegiňizi haýyş edýäris:
- Germaniýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy diňe esasy ýaşaýan ýeri şu aşakdaky ýurtlar bolan ýagdaýynda wiza arzalaryny kabul edýär: Awstriýa, Belgiýa, Germaniýa, Gresiýa, Estoniýa, Ispaniýa, Latwiýa, Lýuksemburg, Malta, Niderlandlar, Norwegiýa, Portugaliýa, Finlýandiýa, Şwesiýa
- Meýilleşdirilen syýahatdan 6 aý öň wiza üçin ýüz tutup bilersiňiz.
- Resminamalara seretmegiň wagty adatça 15 senenama gününe deňdir.
- Wiza resminamalaryna seretmegiň tölegi 90 ýewro bolup durýar. 6 ýaşa çenli çagalar konsullyk tölegini tölemekden boşadylýarlar. 6 ýaşdan 12 ýaş aralygyndaky çagalar üçin konsullyk tölegi 45 ýewro bolup, ilçihananyň iň soňky hümmeti boýunça ABŞ-nyň dollarynda nagt tölenýär. Banknotlar täze bolmaly, hapalanan ýyrtylan bolmaly däl, ýazgysyz we möhürsiz bolmaly.
Arza ret edilen ýa-da yzyna gaýtarylan ýagdaýynda, resminamalara seretmek üçin tölenen töleg yzyna gaýtarylmaýar.
- Resminamalaryň doly berilmezligi ret edilmegine sebäp bolup biler.
- Käbir ýagdaýlarda ilçihana goşmaça resminamalary talap etmek hukugyny özünde saklaýar.
- Resminamalaryň doly görnüşinde görkezilmegi wiza almak hukugyny subut etmeýär.
- Ilçihana tarapyndan talap edilmedik, poçta ýa-da elektron poçta arkaly iberilen resminamalar hasaba alynmaýar.
Aşakdaky resminamalar tabşyrylýar:
Tabşyrýan resminamalaryňyzy çep gutujykda (X) bilen belläň
Resminamalaryň esasy sanawy | |
☐ | Soragnama-Beýannama |
☐ | Bir sany işjeň surat biometriki, retuşirlenmedik |
☐ | Saglyk ätiýaçlandyryşy Köp gezeklik, ýyllyk ýa-da köp ýyllyk wiza üçin ýüz tutanyňyzda - diňe ilkinji syýahat üçin |
☐ | Daşary ýurtlarda ulanmak üçin pasport - talap edilýän wiza tamamlanandan soň azyndan 3 aý hereket edýän möhleti bolmaly; - pasportyň berilýän möhleti 10 ýyldan köp bolmaly däldir |
Syýahatyň maksadynyň tassyklanmagy | |
☐ | myhmanhana belliginiň tassyknamasy ýa-da guramaçylykly syýahat bolsa - syýahatçylyk gullugynyň tassyknamasy we syýahat maksatnamasy |
Maliýeleşdirmäni tassyklamakDüzgün bolşy ýaly, adam başyna bir günde 45 ýewro möçberinde maliýe serişdeleriniň subutnamasyny bermek hökmany bolup durýar. | |
☐ | Bankdan kepilnama ýa-da hasapdan göçürme ýa-da kredit kartoçkalary we kredit kartoçkalaryndan göçürmeler ýa-da Germaniýanyň daşary ýurtly raýatlaryň işleri boýunça edarasy tarapyndan syýahat çykdajylaryny we ýurtdan çykarylmagy boýunça çykdajylary öz üstüne alýan üçünji şahsyň beýany (Germaniýada ýaşamak hakyndaky kanunyň §§66-68 maddasyna laýyklykda düzülendir Verpflichtungserklärung). asyl nusgasy we göçürmesi - möhleti berlen senesinden başlap 6 aýy geçmeli däldir. |
Dolanmaga taýýarlyk | |
☐ | Işleýänler üçin: Telekeçiler üçin: Hususy kärhananyň patenti ýa-da hasaba alyş şahadatnamasy (asyl nusgasy we göçürme nusgasy) Okuwçylar we talyplar üçin: mekdebiň we degişli ýokary okuw jaýynyň şahadatnamasy Okuwyň ähli döwri üçin sapaklardan boşadylandygy barada bilim edarasynyň şahadatnamasy, diňe syýahat dynç alyş günlerinden başga günlerde meýilleşdirilen bolsa (asyl nusga) Napagada bolanlar üçin Alýan napaga mukdaryny görkezýän napagasy hakynda şahadatnama (asyl nusgasy we göçürme nusgasy) |
☐ | Maşgala ýagdaýy hakynda kepilnamalar: Nika şahadatnamasy ýa-da nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnama Çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalar we ş.m. (asyl nusgasy we göçürme nusgasy) |
☐ | Şengen döwletlerinde, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda we beýleki şuňa meňzeş ýurtlarda öň bolandygynyň tassyknamasy (mysal üçin wizalaryň nusgalary) |
☐ | Türkmenistanda gozgalmaýan emläginiň tassyknamasy |
Hossarsyz syýahat edýän 18 ýaşa ýetmedik çagalar üçin, goşmaça: | |
☐ | Iki hossardan gitmäge razylyk berýän notarius tarapyndan tassyklanan resmi tassyknama (asyl nusgasy we göçürme nusgasy) we syýahat etmäge razy bolan hossaryň içerki ýa-da daşary ýurt pasportynyň şahsy maglumatlary görkezilen sahypasynyň göçürmesi |